TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ARKADAG ŞÄHERI BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

25.02.2024
24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyk işlerinde ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bular barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň Çagalar seýilgähiniň baş meýilnamasy, onuň çäginde oturdyljak yşyklandyryş ulgamynyň, oturgyçlarynyň görnüşleri, Arkadag şäherinde gurulýan Döwlet muzeýiniň şekil taslamasy, binanyň içki bezeg işleri we onuň kiçi binagärlik göwrümleriniň görnüşleri, täze şäheriň metjidiniň şekil taslamasy, Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň edara binasy we Oba hojalyk uniwersitetiniň binagärlik toplumynyň teklip edilýän görnüşleri bar. Şeýle hem bu ýerde täze şäheriň aýratyn lukmançylyk ykdysady zolagynyň (klasteriniň) nyşanynyň we teklip edilýän halkara görnüşinde ulanylýan nalyň şekil taslamalary görkezildi. Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň görnüşleri bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynda Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen maşgalalaryň sanawy hem-de häzirki döwürde ilaty täze jaýlara göçürip getirmek işleriniň dowam edýändigi barada hasabat berdi. Soňra iş maslahaty ýurdumyzyň obasenagat toplumyna degişli düzümleriň, ylmy-önümçilik merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, ylmy-önümçilik we ylmy-barlag ekerançylyk, däneçilik institutlarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigini belläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň bu baradaky hasabatlaryny diňledi. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory häzirki döwürde ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň gurluşygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden oňyn çözgüdine laýyklykda, ýurdumyzda pagtanyň we bugdaýyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhynyň ýokarlanandygyny belläp, bu çözgüdiň ýerden alynýan hasylyň ýokarlanmagynda we daýhanlaryň işe bolan höwesiniň artmagynda möhüm ähmiýetiniň bolandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, degişli ugur boýunça bilim alýan talyplaryň häzirki zamanyň sanly ulgamyny netijeli özleşdirmekleri ugrunda zerur tagallalar edilmelidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa täze şäherde alnyp barylýan işleri oba hojalyk toplumyna degişli binalaryň hünärmenleri bilen bilelikde ýola goýmagy tabşyrdy.