Türkmenistanyň Prezidenti hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaponiýanyň Imperatoryny gutladylar

23.02.2024
Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy hem-de Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda: «Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginde we ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirýärin» diýlip bellenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Bu şanly gün mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Imperator Naruhito tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ýaponiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.