Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen BAE-niň wise-prezidentini kabul etdi

22.02.2024

21-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň barşynda okgunly ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bellenildi.

Yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge hem-de gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki hereketleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag we kommunikasiýalar, senagat toplumy hem-de oba hojalygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler we durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalary dürli pudaklarda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge hem-de işewür düzümleriň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik döredýär.

Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgam türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Ylym, bilim we medeniýet, şeýle hem sport ulgamlary boýunça özara hyzmatdaşlyk, bu ugurda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki halky ýakynlaşdyrmagyň, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem umumy bähbidiň hatyrasyna işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.