Dünýäniň iň uly 5 global terminal operatory üýtgemedi

01.08.2023

«Drewry» reýtinginiň nobatdaky sanawynda dünýäniň iň uly 5 global terminal operatory üýtgemedi. Bu ýagdaý eýýäm bäş ýyl bäri dowam edip gelýär.

Şeýle bolsa-da, reýtingiň sanawyna täze goşulýan kompaniýalaryň bardygyny, şonuň netijesinde bolsa sanawa girýän kompaniýalarnyň umumy sanynyň ýyl geldigiçe artýandygyny bellemelidiris.

«MSC» we «Wan Hai» soňky bir ýylda global terminal operatorlarynyň reýtinge täze gatnaşyjylar boldular. Olara geçen ýyl global derejesi berlendigini aýratyn bellärliklidir.

Ýeri gelende ýük amallarynyň bes edilmegi netijesinde käbir terminal operatorlaryň global derejesini ýitirendigini hem bellemelidiris.