«RDÝ-niň hyzmatdaşy»: Russiýadaky ýük daşaýjylar demir ýol gatnawyndan awtoulaglaryň mümkinçiliklerini has amatly hasaplaýarlar

17.02.2024

Ýük ugradyjylaryň köplenç demir ýol gatnawyny azaltmagynyň we beýleki ugurlary saýlap almagynyň düýp sebäbi hyzmatlaryň bahasynyň ýokarlanmagy (diňe bir «Russiýanyň demir ýollary» däl, eýsem, beýlek kompaniýa-operatorlary hem), şeýle hem demir ýol arkaly ýükleriň daşalmagynyň uzak möhleti talap edýändigi bilen baglydyr.

Gurluşyk harytlaryny öndürýän kompaniýalaryň wekillerinden biri «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatdaşy bilen söhbetdeşlikde şu sanlara salgylandy: geçen ýyl ulag gatnawynyň bahasy 10%, demir ýol bilen bolsa 62% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde-de, eltmek wagtynyň tapawudy hem diýseň uly.

Beýleki bir söhbetdeş — önümçilik kompaniýalarynyň ýene biriniň wekili bolsa hatda demir ýol boýunça göni ugur hasaplanýan ýollarda hem ýol ulaglaryna geçendiklerini aýtdy. Önümler wagonlar bilen diňe awtoulag ugurlarynyň has gymmat ýerlerine äkidilýär.