Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

17.02.2024

16-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.


Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.


Bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri raýat-hukuk gatnaşyklaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen, şeýle hem energiýany tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, maşgala gatnaşyklaryny we gymmatlyklaryny berkitmek, gorap saklamak hem-de şu meseleler boýunça kazyýetlerde işe seredilişini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine täze kadalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Hereket edýän kanunlaryň birnäçesiniň kadalary döwrüň talabyna laýyk getirilýär.


Mundan başga-da, daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde anyk çäreler görülýär.


Soňra wise-premýerler­ hem-de Türkmenistanyň Ministrler Ka­binetiniň ýanyndaky U­lag we kommunikasiýal­ar agentliginiň Baş d­irektory gözegçilik e­dýän düzümlerinde aln­yp barylýan işler, pu­daklary mundan beýläk­-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çä­reler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýe­tirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak­ çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barad­a hasabatlary berdile­r.


Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany belleýşi ýaly, häzirki döwürde senagat pudaklarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak, kuwwatlyklary netijeli ulanmak, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmek wajypdyr.


Döwlet býujetiniň girdejilerini we çykdajylaryny meýilleşdirilen möçberde ýerine ýetirmek babatda işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek möhümdir. Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard 545 million manat boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 24,6 göterim köpdür. Munuň özi önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döredýär. Bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hem-de sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.


Pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň, amala aşyrylmaly çäreleriň we öňümizde durýan wezipeleriň köpdügini aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutany Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýändiklerini aýtdy hem-de diplomatik gullugyň ähli işgärlerini hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.


Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.