14-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Mejlisiň dowamynda degişli gulluklaryň ýolbaşçylary ýylyň başyndan bäri Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek, kanunçylyk namalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny, hukuk tertibini üpjün etmek, milli
kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etmek, guryýer we deňiz serhetlerini ygtybarly goramak, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny ilata düşündirmek, şeýle-de aýry-aýry gulluklary täze tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça guralýan çäreler barada hasabatlar berdiler.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow N.Allanazarowy Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy we degişli Permana gol çekdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.