Merkezi Aziýanyň söwda gözýetimleri: Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň eksportynyň üstaşyr merkezi hökmünde

14.02.2024

Şu gün — 14-nji fewralda «Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň eksportynyň üstaşyr merkezi hökmünde» diýen tema boýunça onlaýn tertibindäki Tegelek stol duşuşygy geçirilýär.

Ol «Türkmen Logistika» assosiasiýasy we «CILT Central Asia» tarapyndan Merkezi Aziýada söwda boýunça «USAID» maksatnamasynyň ýardamy esasynda guralýar.

Çäräniň baş maksady Türkmenbaşy halkara deňiz porty tarapyndan hödürlenýän hyzmatlardan habarlylygy ýokarlandyrmakdan, bu deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen üstaşyr gatnawlary artdyrmakdan, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglylykda, beýleki ýurtlara uzaýan ugurlar boýunça söwda gatnaşyklaryny giňeltjek beýleki ýük ulag ýollary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Tegelek stolyň meýilnamasy Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen ulag meselelerini, ulag meýilnamalaryny we nyrhlaryny, ekspeditorçylyk hyzmatlaryny, logistika mümkinçiliklerini, resminamalary resmileşdirmegi, üstaşyr yzygiderliligi hem-de şu ugurda bolup biljek beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy özünde jemlär.

Tegelek stola Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň (Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi), «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri, Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň, «TRACECA» hökümetara komissiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň agzalary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eksportçylary, ýük daşaýjylary, ekspeditorlary, logistika kompaniýalary hem-de beýleki senagat sebit birleşikleri gatnaşýar.