12-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde «Eýran Deňiz Ykdysadyýeti» forumy öz işine başlady. Foruma Eýran tarapynyň çagyrmasy esasynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri hatnaşdylar.
Forumda Eýran tarapyndan ulag kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň we işewür taraplarynyň wekilleri gatnaşyp, forumyň dowamynda demirgazyk-günorta geçelegesiniň, günbatar-gündogar geçelgelerinde sebitdäki ýurtlaryň arasynda halkara söwda we ulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çykyşlar edildi.
Hususan-da, üç sany gatnaw ugrurlary aýratyn bellenip geçildi, ýagny:
Ýewropa - Russiýa - Azerbaýjan - Eýran - Hindistan;
Russiýa - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran - Hindistan;
Russiýa - Eýran - Hindistan ulag geçelgeleri.
Şeýle-de, forumyň çäklerinde Eýranyň Portlar we deňiz guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirilip, Türkmenistanyň deňiz port ulgamy, milli deňiz söwda floty hem-de gämi gurluşyk mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyş edildi. Mundan beýläk hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Eýranyň demirgazyk (Enzeli, Amirabad, Nouşehir we beýlekiler) portlarynyň kuwwatlygy, dolanşygy we beýleki daşary ýurt kompaniýalara ýeňillik bermek mümkinçilikleri hakynda pikirler alşyldy.
Şeýle hem «Behineh Tarabar Azhour» kompaniýasynyň baş geňeşçisi M.B. Akdam bilen tegelek stoluň başynda aýratyn gepleşikler geçirildi. Kompaniýanyň wekili Hazar deňzinde konteýner daşama we Amirabad-Baku ugry boýunça ýük daşama hyzmatlary barada beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda ilerde ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak islegini bildirdi.
Forumyň işi 13-nji fewralda tamamlandy. 14-nji fewralda bolsa türkmen wekiliýeti Amirabad portunda saparda bolarlar.