BILDIRIŞ

27.07.2023

Hormatly ýolagçylar!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny hem-de olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan 46-njy «Gurtly — Halkara nebit we gaz uniwersiteti» belgili awtobus gatnawynyň ugry üýtgedilip, bu ugur boýunça awtobuslaryň «Gurtly» belleniş nokadyndan ugrap, Döwletli köçesinden hereket edip, Görogly köçesiniň ugry bilen öňki hereketini dowam edýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýäris.