«Audi»-niň täze «RS6 Avant GT» nusgasynyň aýratynlyklary paýlaşyldy

09.02.2024

Muşdaklarynyň söýgüsini gazanmagy başaran «Audi» awtoulag kompaniýasy bu gezekki täze nesliniň hem ýokary hiline uly üns beripdir.

«Audi RS6 Avant GT» ulagy özboluşly dizaýn bezegleriniň özüne çekijiligi, içki bezeg işleriniň we ýumşak otugyçlarynyň ýerleşdirilmegi bilen has rahatlygy özünde jemleýär. Ulag 10 mm-a çenli ýere golaý peslikde hem hereket etmäge ukyplydyr. «Audi»-niň täze neslinde 22 dýumlyk 6 ganatly «Avus» diskasy, talabalaýyk keramiki saklaýyş enjamy, täzeden kodlanan merkezi we yzky differensialynyň toplumy, üçeginde 2020-nji ýylyň RS6 GTO konsepsiýasyndan ylham alan spoýler ýerleşdirilendir.

Kapotyň aşagynda ornaşdyrylan 4,0 litrlik iki turbo görnüşli V8 hereketlendiriji dwigateli 621 at güýjüne eýedir. Ulagyň birnäçe reňkli görnüşi bolup, olar mämişi, gara, çal we gara reňkdedirler.