«Qualcomm» şu ýyl täze operasion ulgamyň çykjakdygyny mälim etdi

06.02.2024

«Qualcomm» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kriştianu Amon (Cristiano R. Amon) şu ýyl kompýuter ulanyjylara «Windowsyň» täze nusgasynyň garaşýandygyny tassyklady. Biziň «Windows 12» hakynda söhbet edýändigimiz hemmeler üçin düşnükli bolsa gerek.  

Çärýegiň hasabatyna bagyşlanan çärede çykyş eden Amon «Qualcomm» kompaniýasynyň täze önüminiň hem «Windowsyň» nobatdaky nusgasy bilen bilelikde çykjakdygyny aýtdy.

— Önümlerimiziň «Windows EA-nyň» mümkinçilikleriniň köpüsini öz içine alýan «Microsoft Windows» operasion ulgamynyň nobatdaky nusgasynyň esasynda öndürilen enjamlar bilen bilelikde satylmagy meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, biz mekdepden öňki möwsüme taýýarlyk görmegiň çäginde ony 2024-nji ýylyň ortalarynda «Microsoft» bilen işe girizmegiň tertibini dowam etdirýäris.

«Qualcomm» kompaniýasynyň täze önümleriniň arasynda, esasan hem, ykjam kompýuterler üçin döredilen «SoC Snapdragon X Elite» bar. «Windowsyň» nobatdaky nusgasynyň bolsa nähili aýratynlyklara eýedigi heniz näbelli bolmagynda bolýar. Munuň özi şu ýyl çykmagyna garaşylýan «Windows 12» ýa-da emelli aň tehnologiýasy (EA) bilen baglanyşykly täze mümkinçilikleriň birnäçesini getirjek «Windows 11-iň» täzelenen nusgasy üçin özboluşly hem düýpli aýratynlyklary özünde jemläp biler.