Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, 17-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Türkmenistana ugrady.
Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar.
Gahryman Arkadagyň uçary biraz wagtdan Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.
Saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran sapary we onuň dowamynda geçirilen gepleşikler iki ýurduň hem däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi diýip, TDH ýazýar.