Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabatdaky Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy

21.06.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň paýtagtynda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş desgalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ir bilen häzirki wagtda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýan Stomatologiýa merkezine bardy we bu ýerde merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna, binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna degişli şekil taslamalary, şeýle hem köp gatly merkeziň ugurdaş desgalarynyň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Merkeziň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlyk çäresine, tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmenistanda saparda bolýan Germaniýanyň belli stomatolog lukmany professor Aksel Zöllner hem-de onuň iň soňky döwrebap, sanly ulgam arkaly stomatologiýada usulyýet we bejeriş işleri boýunça işleýän kärdeşleri gatnaşdylar.

Lukman Arkadag merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy.

Taslamalar bilen tanyşlygyň çäklerinde Stomatologiýa merkeziniň lukmany J.Garlyýew täze merkeziň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde näsaglaryň ýatymlaýyn bejergi alyp bilmekleri üçin zerur şertleriň döredilmeginiň onuň ýene-de bir aýratynlygydygy barada hasabat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze merkeziň enjamlaşdyrylyşy bilen bir hatarda, onda işlejek lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine, degişli bölümlerde döredilýän iş we dynç alyş şertleriniň ýokary derejede bolmagyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Soňra Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ynanylan Türkiýäniň “GAP Inşaat” kompaniýasynyň wekili merkeziň binagärlik aýratynlyklary, onuň bölümleriniň ýerleşdiriliş tertibi hem-de binanyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi bolsa paýtagtyň çäklerinde degişli arassaçylyk ýagdaýyny saklamak, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralaryň çäkleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede abadanlaşdyrylmagy boýunça şäherdäki lukmançylyk edaralary bilen bilelikde degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadag Aşgabatda arassaçylyk işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygyny, şäheriň ekologiýa derejesiniň gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda häkime bilelikdäki işleri ýokary derejede dowam etmegi tabşyrdy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Aşgabatdaky Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebinde täze gurulýan Stomatologiýa merkezinde işlemek üçin degişli hünärmenleriň taýýarlanýandygy we bu işleri dowam etmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy hünärmenleri taýýarlamagyň, saglygy goraýyş edaralaryna sanly ulgamy, intellektual eýeçiligi giňden ornaşdyrmagyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi.

Lukman Arkadag keseli bejermekden, onuň öňüni almagyň ähmiýetlidigini belläp, dürli keselleriň, şol sanda adamlaryň dişiniň sagdynlygyna zyýan berýän näsazlyklaryň öz wagtynda öňüniň alynmagy babatda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.