2025-nji ýylyň 21-nji martyndan 21-nji maýyna çenli Eýran Türkmenistandan umumy bahasy takmynan 980 müň ABŞ dollary bolan 923 müň tonna önüm import etdi. Bu barada Eýranyň Gümrük administrasiýasyna salgylanyp, Trend agentligi habar berýär.
Türkmenistandan import edilen harytlaryň arasynda nebit koksy, pagta, matalar we eýran bazarynda isleg bildirilýän beýleki önümler bar.
Bellenen döwrüde Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky umumy nebit däl söwda dolanyşygy bahasy takmynan 83,4 mln dollara barabab bolan 251 müň tonna deň boldy.