Azerbaýjan we Türkmenistan 2025-nji ýylda özara Medeniýet günlerini geçirerler

19.06.2025

Azerbaýjan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklary durnukly ykdysady ösüşi görkezýär we özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde işjeň pugtalandyrylýar. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow Baku şäherinde geçirilen «Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler we geljekki mümkinçilikler» atly çärede eden çykyşynda mälim etdi diýip, «Report» ýazýar.

Diplomatyň aýtmagyna görä, Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ýurduň sebit syýasatynda aýratyn orna eýe. «Biziň halklarymyzy asyrlarboýy dowam eden gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Garaşsyzlygyň gazanylmagyndan soň, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Azerbaýjan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy» diýip, S.Şarifow belledi.

Ministriň orunbasary Azerbaýjanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde türk dünýäsi bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny aýratyn nygtady.

Şeýle-de ynsanperwer we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. «Azerbaýjan bilen Türkmenistan ynsanperwer we medeni ugurlarda hem hyzmatdaşlyk edýärler. 2025-nji ýylda iki döwletiň arasynda özara Medeniýet günlerini geçirmek barada karar kabul edildi» diýip, diplomat aýtdy.

S.Şarifow köptaraplaýyn dialogyň ähmiýetine ünsi çekip: «Şol bir wagtda halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Türki döwletleriň guramasynyň çäklerindäki dialogyň giňeldilmegi ýurtlarymyzyň ösüşine ýol açýar» diýip, belledi.