Türkmenistan Jidde şäherinde ulag we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi

20.07.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda ulag we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ilkinji nobatda biziň sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze ulag-üstaşyr geçelgeleri, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmegi wajyp hasaplaýarys.

«Ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi teklip edýäris» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz energetika pudagyna hem giň orun berýändigimize we biziň ýurtlarymyzda baý energiýa çeşmeleri, ýangyç-energetika serişdeleri we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalary bardygyna aýratyn üns çekdi.

«Energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris» – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.