Bahasyna mynasyp iň gowy awtoulag «Toyota» däl: Öňdebaryjylaryň altylygy aýan edildi
29.01.2024
Awtoulaglaryň bahalarynyň amatlylygy barada aýdylanda, kellä gelýän ilkinji brend «Toyota» bolup durýar. Şeýle-de bolsa, 2024-nji ýylda baha/hil ölçegi boýunça iň gowy awtoulaglar dünýäde iň köp satylan «Toyota Camry» ýa-da «Corolla» däl-de, eýsem, başga bir meşhur ýapon markasynyň önümleri boldy.
«U.S.News and World Report» neşiri tarapyndan taýýarlanan öz bahasyna degýän iň gowy awtoulaglaryň sanawynda birinji orna «Honda Accord» sedany eýe boldy.
Bu reýtingiň ikinji basgançagynda «Toyota Camry» ýerleşse, öňdäki üçlügi «Kia K5» jemledi.
«Honda» brendiniň ýene bir nusgasy – «Civic», şeýle hem «Toyota Corolla» we «Hyundai Elantra» öňdebaryjylaryň altylygyna girdiler.
Munuň gyzykly tarapy bu reýting amerikan bazary boýunça taýýarlanyp, şol ýerde «Hondanyň» awtoulaglary «Toyota» kompaniýasynyň önümlerinden has gymmatdyr. Emma bu sanaw baha/hil gatnaşygynyň utgaşmasy esasynda taýýarlanylýar.
Mysal hökmünde bellesek, şol ýerde «Accord» sedanynyň 28 müň 990 dollardan başlanýar. Onuň esasy bäsdeşi bolan «Toyota Camry» bolsa 27 müň 515 dollara durýar.