14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 124,8 göterime deň boldy. Şu ýylyň alty aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 103,1 göterim, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,7 göterim berjaý edildi.
Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 105,4 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 120,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Arkadag şäherinde ulanmak üçin niýetlenen «Yutong ZK6128BEVG» kysymly elektrobuslar we «JAC E-J7» kysymly elektromobiller hem-de «KamAZ-6282» kysymly elektrobuslar we olara tok beriji enjamlar satyn alyndy. Mundan başga-da, häzirki wagta çenli ýurdumyza «Toyota Coaster» kysymly orta synply awtobuslaryň hem-de «Toyota Hiace» kysymly kiçi synply awtobuslaryň 100-den gowragy getirildi.
«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça ösüş depgini 291,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe täze satyn alnan «Airbus A330-200 P2F» kysymly 2 sany ýük uçarynda ykdysady taýdan has amatly we täze Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat ugurlary boýunça ýük howa gatnawlary amala aşyrylyp başlandy. «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça bu görkeziji 108,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýäniň «ýaşyl» portlarynyň sanawyna goşmak bilen baglanyşykly degişli işler geçirildi. Şonuň netijesinde, «EcoPorts» güwänamasy alyndy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş depgini 112,2 göterime barabar boldy. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahat we sergi, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli «Arkadag şäheri — «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we ilata «Bir penjire» elektron görnüşli dürli döwlet hyzmatlaryny ýola goýmak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň doly güýjünde ulanylmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz deňiz we derýa ulaglarynda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň, hyzmatlaryň täze daşary ýurt ugurlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz agentligiň ýolbaşçysyna tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemgyýetçilik ulag hyzmatlarynyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, howa gatnawlarynyň sanyny artdyryp, hyzmatlary talabalaýyk ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.