«Maersk» we «Hapag-Lloyd» uzak möhletleýin iş hyzmatdaşlygy boýunça şertnama baglaşdy

19.01.2024

«Maersk» we «Hapag-Lloyd» kompaniýalary «Gemini Cooperation» («Ekizleriň hyzmatdaşlygy») diýen at bilen uzak möhletleýin iş hyzmatdaşlygy barada şertnama baglaşdy. «Maersk» kompaniýasynyň habaryna salgylanýan «SeaNews» hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýylyň fewralyndan başlanýandygyny habar berýär. Bu ýerde maksat çeýe, birek-birege bagly we ygtybarly umman toruny döretmekdir.

Ylalaşygyň bir bölegi hökmünde «Hapag-Lloyd» we «Maersk» umumy kuwwaty 3,4 million TEU bolan 290 gämini bilelikde işleder. Şolaryň 60 göterimini «Maersk», 40 göterimini bolsa «Hapag-Lloyd» üpjün eder. «Hapag-Lloyd» «Gemini Cooperation» şertnamasyna goşulmak üçin 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda «Okean Network Express» («ONE»), «HMM» we «Mang Ming» ýaly kompaniýalary özünde jemleýän «THE Alliance» bileleşiginden çykar.

 «Biz «Maersk» bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde amallarymyzdaky netijeliligiň ýokarlanmagyndan peýdalanarys. Mundan başga-da, bilelikdäki tagallalar ýük daşamagyň dekarbonizasiýasyny çaltlaşdyrar» — diýip, «Hapag-Lloyd» kompaniýasynyň Baş direktory Rolf Habben Ýansen belleýär.

«Biz strategiki ýolumyzda umman boýunça iň ygtybarly hyzmatdaşymyz bolan «Hapag-Lloyd» bilen hyzmatdaşlyga taýýar. Munuň özi biziň giň gerimdäki logistika başlangyçlarymyzy pugtalandyrar» — diýip, «Maersk» kompaniýasynyň Baş direktory Winsent Klerk nygtady.  

 «Ylalaşygyň çäginde kompaniýalaryň ikisi hem hyzmatdaşlygyň başyndan 90 %-den gowrak ygtybarlylygy üpjün etmek üçin uly maksat goýdy. Müşderiler kämilleşdirilen hyzmatdan başga-da, portdan porta çenli köp iri geçelgelerde üstaşyr geçiş wagtynyň azalmagyndan we käbir esasy baglanyşyk merkezlerine girmek mümkinçiliginden peýdalanarlar» — diýen jümleler «Maersk» tarapyndan beýan edilýär.