Belarusyň gümrük gullugy 2024-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndan ilkinji 24 sagadyň dowamynda ýükleriň ýüklenýän we gaýtadan birikdirilýän ýerlerine ýük awtoulaglarynyň girmegi hem-de ýerleşdirilmegi üçin ýewropaly daşaýjylardan töleg alyp başlar. Degişli karar 2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Belarusyň Ministrler geňeşi tarapyndan kabul edildi.
Ýygym goşulan baha üçin salgytlary goşmak bilen, her bir hyzmat üçin 3 binýatlyk tölegleriň derejesinde bolar. 2024-nji ýyl üçin munuň Belarusdaky binýatlyk bahasy — 40 belarus rubly. Ýewropaly ýük daşaýjylar bolsa her bir hyzmat üçin 120 belarus rublyny ýa-da 35 ýewro (Merkezi Bankyň 2024-nji ýylyň 18-nji ýanwaryndaky hümmeti boýunça) tölemeli bolarlar.
«Infra Taslamalar» çäkli jogapkärçilik jemgyýetiniň dolandyryjy hyzmatdaşy Alekseý Bezborodowyň pikiriçe, şeýle bir optimallaşdyrylan häzirki zaman halkara logistikasynda täze tölegleriň peýda bolmagy ýa-da ýangyç bahalarynyň ýokarlanmagy harytlaryň soňky bahasyna täsir etmeýär.
«Logistikanyň bahasy, esasan hem, Ýewropadan Ýewropa gidýän has gymmat harytlar barada aýdylanda, daşalýan önümleriň bahasyna hiç hili täsir etmeýär. Bu diňe belli bir logistika kompaniýalarynyň ýa-da aýry-aýry sürüjileriň girdejilerine täsirini ýetirýär» – diýip, bilermen düşündirýär.
Belarus we Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň arasynda ýük ulaglary üçin 11 geçiriş nokady bolup, şolaryň ikisi Latwiýa, dördüsi Litwa, bäşisi bolsa Polşa bilen baglydyr. Ýeri gelende ýatlasak, 2022-nji ýylyň aprelinde Belarusdan gelýän ýük awtoulaglarynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna girmegi gadagan edilipdi we bu çäräniň jogaby hökmünde Ýewropa Bileleşiginde bellige alnan ýük awtoulaglarynyň Belarusyň çägine girmegi çäklendirilipdi. Şol wagt ýükleri täzeden ýüklemek ýa-da ýük ulaglarynyň böleklerini gaýtadan birikdirmek mümkinçiligi saklanyp galypdy we bu amallary amala aşyrmak üçin serhet nokatlarynyň golaýynda ýörite ýerleriň sanawy kesgitlenipdi.