«CMA CGM Group» we «Air France-KLM» kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasy ýatyryldy

18.01.2024

«CMA CGM Group» we «Air France-KLM» kompaniýalarynyň arasynda 2023-nji ýylyň aprelinde gol çekilen uzak möhletleýin strategiki söwda hyzmatdaşlygy boýunça şertnama ýatyryldy.

«SeaNews» tarapyndan berilýän habarda bu kararyň käbir bazarlarda berk düzgünleşdiriji hukuk kadalary sebäpli kabul edilendigi aýdylýar. Aslynda, bu resminama ugur torlarynyň, ulag mümkinçilikleriniň we ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň birleşdirilmegini göz öňünde tutýardy. Hususan-da, «CMA CGM» we «Air France-KLM» awiakompaniýalary bu geleşigiň çäginde 12 uçary öz içine alýan birigen howa flotynyň ýük uçarlaryny bilelikde dolandyrmagy meýilleşdiripdiler. Ylalaşygyň hereket edýän möhleti 2024-nji ýylyň 31-nji martynda ýatyrylar. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlar täjirçilik gatnaşyklarynyň täze şertlerini ara alyp maslahatlaşarlar. «CMA CGM» tarapyndan berlen habara görä, kompaniýalaryň ikisi hem müşderileriň hyzmatlardan birkemsiz peýdalanmagyny üpjün etmek üçin bilelikde işlemäge borçlanýar.

«CMA CGM» «Air France-KLM» kompaniýasynyň esasy paýdary bolmagynda galýardy. Şeýlelikde, taraplar «CMA CGM-iň» şu ýylyň 31-nji martynda «Air France-KLM» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň düzüminden çekiljekdigi barada ylalaşdylar.