Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine daşary işler ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzade ýolbaşçylyk etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.
Mejlisiň dowamynda 2024-nji ýylyň fewralynda Tähranda geçirilen hökümetara toparyň 16-njy mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de ähli gazanylan ylalaşyklaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.
Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.