Bişkekde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Prezident Sadyr Žaparow tarapyndan kabul edildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Taraplar söwda-ykdysady, energetika, ulag-üstaşyr we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Prezident Sadyr Žaparow Gyrgyzystanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň tarapdarydygyna ünsi çekdi hem-de Gyrgyzystanyň energetika serişdelerine bolan zerurlygy üpjün etmek meselesini oňyn çözmekde ýardam edýän türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de iki ýurduň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy üçin möhüm mümkinçilikleriň bardygy, özara söwdanyň oňyn ösüş depginine eýedigi bellenildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz gezeginde mähirli garşylanandygy üçin, Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Ministr R.Meredow Prezident Sadyr Žaparowyň 2021-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm tapgyry bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şol saparyň Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly strategik meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga amatly şertleri döredendigi nygtaldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy hem-de bilelikdäki tagallalaryň iki döwletiň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyny belläp geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Sadyr Žaparow türkmen-gyrgyz strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.