Şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagtynda geçiriljek TEIF 2025 halkara forumy Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin esasy meýdança bolar. Çäräni «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmen Energiýa Forum» HJ-niň goldamagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy guraýarlar.
Forumyň maksatnamasy Türkmenistanyň global energetikada we durnukly ösüşdäki orny barada umumy mejlis bilen açylar. TAPI gaz geçirijisi taslamasyna we ýurduň energetika pudagynyň ösüş strategiýasyna aýratyn üns berler. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ykdysadyýetlerinde hususy pudagyň ösmegi barada panel çekişmesi geçiriler, bu babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Kuala-Lumpurda geçiriljek forum Dubaýdaky TEIF 2023 we Pariždäki TEIF 2024 forumlaryndan soň geçirilýär. Bu çäre OPEK, Bütindünýä banky, Petronas, TotalEnergies, CNPC, ADNOC we ENI ýaly öňdebaryjy halkara guramalarynyň we kompaniýalarynyň ünsüni çekýär.
Forum Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa bolan resmi saparyndan soň, türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň çäklerinde geçirilýär. Saparyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek barada bilelikdäki beýannama gol çekildi.
TEIF 2025 forumyna gatnaşyjylara halkara bilermenleri bilen tejribe alyşmak, ylalaşyklara gol çekmek we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň energetika, gurluşyk, ulag we beýleki strategiki pudaklarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşmak mümkinçiliklerini berer.