Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
22.02.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistanyň Prezidentine BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de ol doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine BAE-de aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, BAE-niň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de dostlukly döwletiň ýokary derejeli wekiliýetiniň amala aşyrýan saparlaryna Türkmenistanda hemişe ýokary baha berilýändigini belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasynda soňky ýyllarda dürli ugurlarda özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň artýandygy bellenildi. Bellenilişi ýaly, bu iki ýurt, hususan-da, energetika, nebitgaz, ulag we oba hojalyk ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, energetika we gurluşyk pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirýärler.
Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy hem-de onuň bu foruma gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.