Hytaý we Türkmenistan TIR ulgamy boýunça ilkinji göni awtoulag ugruny işe girizdi

21.02.2025
Penşenbe güni TIR belgisi bilen birinji ýük awtoulagy Hytaýyň Çžençžou şäherinden Aşgabada ugrady. Bu Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda TIR halkara ulgamy boýunça göni awtoulag aragatnaşygynyň resmi açylyşyny alamatlandyrdy – diýip, Sinhua agentligi habar berýär. «Bu Hytaý awtoulag kompaniýasynyň Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda göni awtoulag ýük daşamalaryny amala aşyrmaga başlan ilkinji halatydyr» — diýip, Çžençžou gümrük gullugynyň Sinçžen gümrük nokadynyň başlygynyň orunbasary Ouýan Lýanýuan belledi. Takmynan 6 müň kilometre barabar bolan ulag ugry Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýär. Ýolda ýöremek wagty takmynan 9 gün dowam eder. Zhengzhou Hongyi Transportation Co., Ltd. ýük daşaýjy kompaniýanyň baş direktorynyň orunbasary Wan Tiniň sözlerine görä, bu TIR-ugruny ulanmak howa arkaly ýük daşamalar bilen deňeşdirilende ulag çykdajylaryny takmynan 35% azaltmaga we demir ýol ulagy bilen deňeşdirilende eltip bermek wagtyny iki esse gysgaltmaga mümkinçilik berýär. TIR (Transports Internationaux Routiers) ulgamy halkara ýük daşamalary ep-esli ýeňilleşdirýär. Ýük daşama ugrunyň başlangyç nokadynda möhürlenýär we ol diňe barmaly ýerinde barlanýar, bu ýük daşamak wagtyny gysgaldýar we dolandyryş töwekgelçiliklerini ep-esli derejede peseldýär. Täze Çžençžou-Aşgabat ugry TIR ulgamy boýunça Henan ýük toplaýjy-paýlaýjy merkezinden başlanýar. Häzirki wagtda bu merkez Russiýany, Özbegistany, Azerbaýjany we Gruziýany goşmak bilen, Hytaýy dokuz ýurt bilen baglanyşdyrýan 18 TIR-ugruna hyzmat edýär.