Eýranyň üstünden geçip, Ermenistany hem-de Hindistany birikdirýän söwda ugrunyň açylyşy 2024-nji ýylyň maýynda guralar.
«Munuň özi biziň baş maksadymyz bolup, biz Hindistanyň Mumbaý portunyň Eýranyň üsti bilen Ermenistana uzaýan söwda ugrunyň dürs işlemegi üçin şu ýylyň maýyna çenli ähli meseleleri çözmek boýunça ylalaşdyk» — diýip, Ermenistanyň Ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçysy nygtady.
Ministr hindi kärdeşi, şeýle hem Çabahar portunyň hindi bölümini dolandyrýan kompaniýanyň başlygy bilen duşuşandygyny belledi. Taraplar maý aýyna çenli durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasyny beýan etdiler. Bu ýerde gürrüň Hindistandan Ermenistana, soňra Gruziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna, şeýle hem şu ugruň tersine päsgelçiliksiz ýük daşalmagyny üpjün etmek üçin Eýran hem-de Hindistan bilen hyzmatdaşlyk barada barýar.
Şeýle hem gümrük nokatlaryndan harytlaryň çalt geçmegine mümkinçilik berýän elektron resminamalaryň dolanyşygynyň standartlaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýerewan söwda ugrunyň açylmagy bilen, Ermenistan, Hindistan, Eýran, soňra bolsa Gruziýa, Ýewropa Bileleşigi we şu ugruň tersine söwda dolanyşygyny hem-de ýük daşalmagyny ep-esli ýokarlandyrmaga umyt edýär. Ozal Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýan Ýerewanyň Eýranyň Çabahar portuna girmegiň we 2024-nji ýylyň ahyryna çenli «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesine goşulmak üçin işleýändigini aýdypdy. Ýurduň Ykdysadyýet ministrligi bolsa öz gezeginde Ermenistanyň Hindistan we Eýrany Ýewropa Bileleşigi hem-de Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýurtlary bilen birleşdirip we bu logistika ugrunda ýük daşamak üçin iň gysga ýol bolup biljekdigini aýtdy.