Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadaga Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Russiýanyň Liderine bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy ýurduň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bu hünär baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistanda saparda bolmagynyň özi üçin uly mertebedigini aýtdy.
Öz gezeginde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow gutlaglar üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine, şeýle hem RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna çuňňur hoşallygyny beýan etdi we uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýokary baha berýär.
«Biz Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklara uly baha berýäris» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn nygtady we häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we deňhukuklylyk esasynda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, şeýle hem sport ulgamlaryndaky gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadag Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar barada edýän aladasy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň geçiriljekdigini aýtdy we tüýs ýürekden hormatyny beýan edip, myhmany bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň bu foruma gatnaşmak bilen, bu iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilelikde Aşgabadyň Halkara howa menziline bardylar. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bu ýerden Watanyna ugrady.