Gahryman Arkadag Bitaraplygyň düýbüniň tutulmagynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň taryhy işlerine ünsi çekdi

17.02.2025

15-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta künjegindäki Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, taryha ser salsak, ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň düýbüni Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tutdy. Bu taryhy pursat ähli türkmenistanlylaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy.

Türkmenistanyň 1995-nji ýylda ilkinji gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygy türkmen halkynyň beýik ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alýar. Şonda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny 185 döwlet goldady. Bu mukaddes gymmatlygyň şanyna bolsa Aşgabatda beýikligi 95 metre ýetýän Bitaraplyk binasy guruldy. Ajaýyp binanyň bilinde ýörite ornaşdyrylan bäş welaýatyň haly gölleri türkmen halkynyň bir bitewüligini, jebisligini aňladýar. Bu bolsa ebedi Bitaraplygyň mizemez ýörelgelerine türkmen halkynyň ygrarlydygyny subut edýär.

Gahryman Arkadag bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, binanyň ýokarsynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň heýkelini goýmak baradaky teklibi Mejlisiň, halkyň goldandygyny we şol pursatlaryň şaýady bolmak bilen, onuň has-da guwandyryjy wakadygyny ýatlady.

Taryhy binanyň düýbi tutulanda Gahryman Arkadagyň uly ornunyň bolandygyny bellemek örän ýakymly.

Gahryman Arkadag türkmen halkynda «Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar» diýen jümläniň bardygyny bellemek bilen, gyş paslynyň şeýle hoştap howaly günlerinde belent maksatlara hyjuw döredýän Bitaraplyk binasynyň hem üç aýakdan durýandygyny aýtdy. Binanyň her bir aýagy türkmen halkynyň bu ebedi gymmatlygynyň mizemezligini pugtalandyrýan dek, bina üç sany şanly seneleri özünde jemleýär. Bu bina türkmen halkyny taryhy ýyllaryň ýakymly hem ýalkymly, ajaýyp günleriniň jümmüşine alyp gidýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ilkinji gezek 1995-nji ýylda ykrar edilen bolsa, 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagyň baştutanlygynda 193 ýurduň goldamagynda ikinji gezek ykrar edildi. Bu günki gün bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe BMG tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi beýik başlangyçlaryň dünýä ýaň salandygyny, Türkmenistan döwletiniň abraýynyň barha ýokarlanandygyny görkezýär.