Prezident täze ýollary gurmagy we ýollaryň durkuny täzelemegi tabşyrdy
15.02.2025

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde täze ýollary gurmak we ýollaryň durkuny täzelemek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýer B.Annamämmedowa şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde, ýokary hilli tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, Hökümet mejlisiniň barşynda B.Annamämmedow ýurduň gurluşyk-senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabatda aýdylmagyna görä, garalýan döwürde toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 126,7 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň birinji aýynda meýilnama 111,8 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 122,4 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň hem-de amala aşyrylan işleriň meýilnamasy 108 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 156,6 göterime barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 113,6 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan 106,7 göterim berjaý edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini gazanmagyň, himiýa kärhanalarynyň işini döwrebap guramagyň, energetika pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak bilen bagly işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady.