12-nji fewralda Tähranda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, eýran tarapyna bolsa Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Taraplar iň ýokary syýasy derejedäki yzygiderli we ynamdar dialogyň däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygyny bellediler.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini belläp, wekiliýetler halkara parahatçylygy, asudalygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň we beýleki abraýly halkara we sebit düzümleriň, hususan-da Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Şunlukda halkara we sebit gün tertibine hem garaldy.
Ýurtlaryň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň bu ugurda üstünlikli işleýändigi nygtaldy. Bu ugurda ýakynda geçiriljek çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijilerine garaldy. Ýangyç-energetika we ulag pudaklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Ýokary ýolbaşçy düzüminiň tabşyryklaryna laýyklykda taraplar suw serişdelerini dolandyrmak pudagyny öz içine almak bilen, göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleri bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň esasy orny nygtaldy.
Mundan başga-da, geňeşmelere gatnaşyjylar 2025-nji ýylyň dowamynda bilelikde çäreleri geçirmek ýaly medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ugurlarynda gatnaşyklary berkitmegiň mümkinçiliklerine garaldy diýlip, habarda bellenilýär.