Şu ýyl umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler

10.02.2025

7-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany öňde duran wezipeler barada-da durup geçip, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurtda şu ýyl umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we Aşgabatda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu barada TDH ýazýar.