«Ýüpek ýoly – 2023»: Maksatmyrat Daňatarow ýedinji tapgyrdan soň üçünji orny eýeleýär

14.07.2023

«Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň ýedinji tapgyry Saratowdan Wolgograda uzady. Tapgyry umumy uzynlygy 430 kilometre barabar bolan ýörite bölekleriň ikisi düzdi.

Ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglaryň arasyndaky T2 ýaryşynda ýene-de «Podmoskowýe» toparynyň «Toyota LC 200» kysymly awtoulagynda bäsleşýän Anton Melnikowa taý gelen bolmady. Lobnýa şäherinden bolan sürüji indi umumy hasap boýunça ýarym sagatlyk artykmaçlyk bilen öňe saýlandy. Ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna «Rus» toparynyň awtoulagyny dolandyrýan Leonid Petrow gaýdyp geldi. Ýedinji tapgyrda 45 minut ýitiren Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy üçünji orna geçdi.

Şu gün ekipažlara ýaryşyň sekizinji tapgyry garaşýar. Türgenler säher bilen Lipeske çenli uzaýan uzak ýola düşerler.