Şençžen söwda dolanyşygyny işjeňleşdirmek we eltip bermek möhletini azaltmak üçin Hytaýy Merkezi Aziýa bilen birleşdirýän TIR (Halkara ýol ulaglary) ulag geçelgeleriniň ösüşini çaltlandyrýar.
2023-nji ýylda Şençžen (Hytaý) bilen Almatynyň (Gazagystan) arasyndaky ýol ugrunyň üstünlikli işe girizilmeginden soň, Şençžen bilen Özbegistanyň Daşkent şäherini birikdirýän täze ugruň işjeňleşdirilendigini Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (ISU) habar berýär.
Hytaýyň elektron önümlerini daşaýan ýük ulagy «gapydan gapa» eltip bermegi ýerine ýetirmek üçin 6500 kilometrlik menzili külterledi. Hytaýyň Şençžen şäherinden ugran ulag Irkeştam serhedinden geçdi. Gyrgyzystanyň üstünden ýol salyp, Özbegistana — barmaly ýerine 20 günde däl-de, bary-ýogy 7 günüň dowamynda ýetdi. Onuň ýüküni TIR ýol ugry boýunça daşamadyk ýagdaýynda hereket etjek ugrunyň näçe günläp dowam etjekdigini göz öňüne getirip görüň.
IRU-nyň TIR hem-de ulag boýunça direktory Tatýana Reý-Belle täze ugruň ähmiýetini şeýle teswir berdi: «Strategiki taýdan diýseň möhüm bolan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan geçelgesiniň üsti bilen täze ýoluň açylmagy Günorta Hytaýyň Şençžendäki önümçilik merkeziniň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny has-da berkitmegine kömek eder».
«Şençžendäki kompaniýalar TIR-iň mümkinçiliklerine daýanyp, täze söwda ugrundan, şeýle-de ýokary netijeli we howpsuz «gapydan gapa» gatnawlaryndan uly girdeji alarlar» — diýip, ýolbaşçy sözüniň üstüni ýetirdi.
TIR ulgamynyň hereketi netijesinde Hytaýyň köp sanly tehnologiýa kärhanalaryny we söwda kompaniýalaryny özünde jemleýän öňdebaryjy söwda merkezi bolan Şençžen şäherinden serhetden geçiş işleri has ýönekeýleşdirilip, tranzit üçin wagt we çykdajylar azaldylar.
Özbek ýük daşaýjylary Hytaýa uzaýan beýleki söwda ýollaryny hem öwrenýärler. TIR ugrundan peýdalanan üç ýük awtoulagy Gazagystanyň üstünden geçip, Hytaýyň günortasyndaky Foşan şäherine üstünlikli ýetdi.
Häzir Hytaýyň TIR ulgamy boýunça ulag hereketini amala aşyryp bolýan şäherleriniň sany 14-e ýetdi. Munuň özi 80 % -den hem gowrak tiz we 50 % arzan bolan ulag mümkinçiliklerini üpjün edýär.