Täze ýyl baýramynyň bellenýän günlerinde hödürlenýän awtoulag hyzmatlary

29.12.2023

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Täze ýyl baýramy mynasybetli, ilatyň awtoulag hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de awtoulag hyzmatlarynyň hiliniň we medeniýetiniň has-da ýokary bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Aşgabat, Arkadag, Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde şäheriçi, Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine hem-de Gökdepe şäherinden Arkadag şäherine şäherýaka ugurlar boýunça 2023-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat 06:00-dan 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 01:00-a çenli awtobus hyzmatlarynyň, şeýle hem gije-gündiziň dowamynda taksi hyzmatlarynyň ýerine ýetiriljekdigi barada habar berýär.