Russiýanyň Milli sanly log platformasynyň hyzmatlary 2024-nji ýylyň aprelinde işe başlar

22.12.2023

«Sanly ulag» forumynda Ulag ministrligi tarapyndan hödürlenen tanyşdyrylyşdan görnüşy ýaly,  2024-nji ýylyň ikinji çärýeginden Russiýada Ýük daşamak boýunça Milli sanly platformanyň hyzmatlary işe başlar. Aprelden 2024-nji ýylyň ahyryna çenli kem-kemden 4 hyzmaty ýola goýmak meýilleşdirilýär. Olar ulag, ýük daşamak we resminamalara rugsat bermek üçin «bir penjire», platforma gatnaşyjynyň sanly tertibi, harytlaryň hereketi barada (yzarlamak), şeýle hem ulag-logistika infrastrukturasy boýunça maglumat bermek bolup durýar. 2025-2026-njy ýyllaryň dowamynda hem-de 2027-nji ýylyň birinji çärýeginde synag işine başlamak üçin Milli sanly platforma üçin ýene 8 hyzmaty we kiçi ulgamy işe girizmek meýilleşdirilýär. Ýük daşamak boýunça Milli sanly platformanyň binýatlyk arhitekturasy federal we sebit häkimlikleri hem-de ýerli hökümetler bilen özara gatnaşyk üçin hyzmat portalyny öz içine alar. Şu maksat bilen hem, salgyt we gümrük hyzmatlarynyň maglumat ulgamlary, «Deňiz porty portaly», elektron ulag resminamalarynyň döwlet ulgamy, Döwlet hyzmatlary we beýlekiler bilen maglumat alyş-çalşygy dörediler. Şeýle hem, Ýük daşamak boýunça Milli sanly platformany daşary ýurt logistika platformalary bilen birleşdirmek meýilleşdirilýär. Şu wagta çenli Hytaýyň «LOGINK», Hindistanyň «ULIP» kompaniýalary we «ÝYBTMU» («Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň toplumlaýyn maglumat ulgamy») göz öňünde tutuldy.

— Munuň özi ulag we logistika pudagynda global üýtgeşme. Bu möhüm kynçylyk, sebäbi dünýäde şeýle platformanyň nusgalary ýok — diýip, Dmitriý Bakanow nygtady.

Bitewi ulgamyň döredilmegi logistika zynjyrynyň ähli halkalarynyň arasyndaky özara baglanyşygy ýönekeýleşdirer, köne resminama alyş-çalyş formatlaryndan ýüz öwürmäge mümkinçilik berer, şeýle hem ulagyň soňky çykdajylaryny azaldyp, iberijilere amatly ulag ugurlaryny saýlamaga şert döreder. Mundan başga-da, daşaýjy ulag infrastrukturasynyň desgalarynyň ýagdaýy, iş ýükleri barada maglumatlara çalt girip biler we ulag akymlaryny çaklamaga kömek eder. «Sanly ulag we logistika» assosiasiýasynyň habaryna görä, ýük daşaýjylardan ýurda ýük import edilende 150 resminama, eksport edilende 117 resminama talap edilýär. Bular döwlet edaralarynyň dürli ulgamlary üçin köpeldilýän şol bir maglumatlar bolup durýar. Şol sebäpden hem, assosiasiýanyň direktory Polina Dawidowa köpeltmegi aradan aýyrjak we resminamalary tabşyrmagyň hem-de barlamagyň wagtyny azaltjak «bir penjiräni» döretmegiň diýseň möhümdigini aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, «Global Ports» kompaniýasynyň baş direktory Albert Liholet Milli sanly ulag we logistika platformasynyň döwlet buýrujysynyň howandarlygynda döredilmelidigini we onuň ähli hususy gatnaşyjylar bilen deň bolmalydygyny aýtdy.