Russiýaly ýük daşaýjylar geljek ýyl «Döwlethyzmatlar» portalyndan peýdalanyp bilerler

21.12.2023

Russiýada «Döwlethyzmatlar» portalynyň üsti bilen elektron ulag resminamalaryndan peýdalanmak mümkinçiligi 2024-nji ýyldan başlanar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Bakanow «Sanly ulag» forumynda eden çykyşynda belledi. Şu maksat bilen hem, geljek ýylyň birinji çärýeginde ýük daşaýjy ulaglaryň eýeleri üçin «MP Auto» programmasy işe giriziler.

—  2024-nji ýylyň birinji çärýeginden elektron ulag resminamalaryny dinamiki QR-kod görnüşinde «MP Auto» programmasynda hödürlenmek üçin döwlet hyzmatlary bilen birleşdirmegi meýilleşdirýäris — diýip, Dmitriý Bakanow belleýär. — Ulag ministrligi bilen sanly ulgamdaky ösüşi utgaşdyrýan ministrligiň biznes wekilleri bilen özara hereketleriniň çäginde elektron ulag resminamalarynyň berilmegi bilen baglanyşykly funksional talaplar işlenip düzüldi. Häzirki wagtda Russiýanyň Ulag ministrligi «MP Auto» mobil programmasy üçin Elektron ýollaýyş resminamalarynyň döwlet maglumat ulgamy tarapyndan berlen maglumatlary işlemek tapgyryny tamamlandy. «MP Auto» programmasy «Android» ulgamynda elýeterli bolar. Häzirki wagtda «Döwlethyzmatlaryndaky» awtoulag hyzmatlary diňe synag görnüşinde fiziki şahslar üçin elýeterlidir (emma resminamalaryň kagyz nusgasynyň ýanyňyzda bolmagy zerurdyr).

«Döwlet awtoulag hyzmatlary» programmasynda sürüjiler sürüjilik şahadatnamasyny, telewizion stansiýasynyň torundan ýol ulag hadysalary (Ýewroprotokol) hakyndaky habarnamany düzüp bilerler we hökmany awtoulag jogapkärçiligi boýunça ätiýaçlandyryşy üçin öwezini dolmagy talap edip bilerler. Russiýanyň ýük daşamak boýunça Milli sanly platformasynyň hyzmatlarynyň 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginden işe başlajakdygyny ýatladýarys.