Eýran 32 ýurt üçin wiza düzgünini ýatyrdy

17.12.2023

Eýranyň hökümeti 32 ýurduň raýatlary üçin wiza düzgünini ýatyrmak kararyna geldi. Bu barada «Tehran Times» habar berdi.

«Syýahatçylyk ministrliginiň käbir ýurtlar üçin wizalary ýatyrmak baradaky teklibi hökümet tarapyndan tassyklandy. Wizalaryň birtaraplaýyn ýatyrylmagy hökümetiň mejlisinde makullandy. Şeýlelikde, Eýran Yslam Respublikasy dünýäniň dürli künjeginden gelýän myhmanlara gapylaryny giňden açmaga we olaryň ýurda ýeňillik bilen baryp görmekleri we gazananlaryna baha bermekleri üçin has uly mümkinçilikleri döretmäge taýýardygyny görkezdi» — diýip, Eýranyň Syýahatçylyk ministrliginiň ýolbaşçysy Ezzatolla Zargami belledi.

Ministr wiza düzgüniniň ýatyrylmagy bilen, Eýranda syýahatçylygy ösdürmegiň täze döwrüniň başlanjakdygyna bil baglaýar.

Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan hem-de Täjigistandan başga-da, Hindistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Bahreýniň, Saud Arabystanynyň, Kataryň, Kuweýtiň, Indoneziýanyň, Bruneýiň, Ýaponiýanyň, Singapuryň, Kambojanyň, Malaýziýanyň, Wýetnamyň, Braziliýanyň, Perunyň, Kubanyň, Meksikanyň, Boliwiýanyň, Wenesuelanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Serbiýanyň, Horwatiýanyň, Belarusyň, Liwanyň, Tunisiň, Mawritaniýanyň, Tanzaniýanyň, Zimbabweniň, Mawrikiýanyň we Seýşel adalarynyň raýatlary Eýrana wizasyz düzgün esasynda gelip bilerler.

Mundan başga-da, Eýranyň hökümeti Russiýadan bolan syýahatçylyk toparlary üçin wiza düzgünini ýatyrmak kararyna geldi. Eýranyň Syýahatçylyk ministrliginiň habaryna görä, 21-nji martdan başlap, ýylyň ilkinji sekiz aýynda ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 48,5% artyp, 4,4 million adama ýetdi. Ýylyň ahyryna (03/19/2024) çenli olaryň sanynyň 6 milliona ýetjekdigi çak edilýär. Ministrlik 10 ýurdy, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryny öz içine alýan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlerden syýahat akymlarynyň 55 % ýokarlanandygyny mälim etdi. Ilkinji alty aýda şol döwletlerden Eýrana gelip görenleriň sany 1,1 milliona ýetdi.