«FESCO» we «Özbegistan demir ýollary» Türkmenistanyň üstaşyr geçelgeleri arkaly hyzmatdaşlyk eder

15.12.2023

Russiýanyň iň uly ulag-logistika kompaniýalarynyň biri bolan «FESCO» we «Özbegistan demir ýollary» paýdarlar jemgyýeti «FESCO-nyň» intermodal hyzmatlaryndan peýdalanyp, Türkmenistanyň çäginden Türkiýä, Afrika we Ortaýer deňzine uzaýan üstaşyr ulag geçelgelerinde bilelikde işlemek barada ylalaşdylar.

Bu ylalaşyk «FESCO-nyň» ulag toparynyň Direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy Andreý Sewerilowyň «Özbegistan demir ýollary» paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Abdumalik Kamiljanow hem-de Özbegistandaky «Özbegistan demir ýol konteýnerleri» paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Akmal Kamalow bilen geçiren duşuşygynda gazanyldy.

«FESCO-nyň» habarynda aýdylyşy ýaly, kompaniýa we «Özbegistan demir ýollary» Daşkendiň hem-de Moskwanyň arasynda göni konteýner gatnatmak işini ýola goýmak boýunça hem ylalaşdylar.

Mundan başga-da, Toparyň ýolbaşçylary we özbek tarapy «FESCO-nyň» Özbegistanda ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gatnaşmagynyň mümkinçiligini we bu ýurtda logistika pudagyny sanlaşdyrmak ugrundaky geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

«FESCO» portda, demir ýolda we toplumlaýyn logistika işewürliginde aktiwlere eýelik edýär. «FESCO-nyň» köp ugurly bukjasy harytlary «gapydan gapa» eltmäge we intermodal ulag zynjyrynyň ähli basgançaklaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Topar 2022-nji ýylyň oktýabrynda Merkezi Aziýa sebitinde logistika hyzmatlaryny ösdürmek üçin Özbegistanda «FESCO TURAN» kömekçi kärhanasyny açdy.