«Türkmenistan» awiakompaniýasy 15-nji dekabrdan Aşgabat we Moskwa aralygyndaky gatnawlaryny dowam etdirip başlaýar

11.12.2023

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 15-nji dekabrdan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny täzeden dowam etdirip başlaýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, howanyň Moskwa howa menzilindäki uçuşlara ýetirýän täsiri bilen baglylykda, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem töwekgelçiligi bahalandyrmak esasynda, 1-nji awgustdan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça uçuşlary togtadylypdy.

Ugurlaryň biri üçin petekleriň bahasy 3 708 manat ýa-da 35 086 rubl bolup durýar.

Petekleri awiakompaniýanyň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň çägindäki kassalaryndan, şeýle-de turkmenistanairlines.ru we turkmenistanairlines.tm saýtlary arkaly onlaýn görnüşinde satyn alyp bilersiňiz!