2024-nji ýyldan Gazagystanda ýene 1,2 müň kilometrlik ýol üçin töleg giriziler

28.11.2023

Ýylyň başyndan bäri býudjet tölegli ýollardan 26,5 milliard teňňe aldy.

Ulag ministri Marat Karabaýewiň ýurduň ýollaryny saklamagyň her ýyl 60 milliard teňňe möçberdäki serişdäni talap edýändigi hakyndaky sözlerini «inbusiness.kz» okyjylara ýetirdi.

«Şu maksatlar sebäpli býudjetdäki ýükleri azaltmak üçin tölegli bölümler tapgyrlaýyn girizilýär. Häzirki wagta çenli 3 müň 200 kilometrlik ýolda töleg ulgamy girizildi. Şeýlelikde, 11 aý üçin gelip gowşan ýygymlar 26 mlrd 500 mln teňňä barabar boldy. Geljek ýyl bolsa goşmaça 1 müň 200 km ýola töleg girizmegi meýilleşdirýäris. Umuman, bejeriş işleriniň tamamlanmagy bilen, 11 müň kilometre barabar bolan ýola kem-kemden tölegli ulgam ornaşdyrylar» — diýip, ministr belledi.

Ministr Gazagystanyň ýollarynyň tölegli bölümleriniň syýahat üçin nyrhlarynyň ýakyn we uzak ýurtlar bilen deňeşdirilende iň pes derejededigini aýtdy.

«Tranzit akymynyň ösmegi bilen bagly ýollaryň abatlanan bölekleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda tölegleriň derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Munuň özi esasan, tranzit ulaglaryndan serişdeleri ýygnamaga gönükdirilendir, ýerli gatnawlar üçin bolsa abuna tölegi ýa-da şeýle mümkinçiligi aýlyk we ýyllyk satyn almak bellenendir» — diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Indi gurluşyk möwsümi tamamlanýar. «KazAwtoŽol» paýdarlar jemgyýetiniň kuwwaty bolsa tehnikalaryň üstüniň ýetirilmegini we ýollaryň doňmazlygyny üpjün edýän gyşky abatlaýyş işlerine gönükdiriler.

«Gyşky işler üçin 142 müň m³ we 25 müň tonna tehniki duz taýýarlandy. Milli operator 1870 birlik toplady. Dowam edýän dikeldiş işleriniň netijesinde 4 zolakly ulag ýollarynyň paýy artýar, bu bolsa ýol tehniki enjamlarynyň sanynyň köpelmegini talap edýär» — diýip, Karabaýew aýtdy.

Ol tehniklaryň toplumynyň satyn alnandygyna garamazdan, 1100 birlik enjamyň ýetmezçiliginiň henizem dowam edýändigini, şonuň üçin hem, Senagat Ösüş Gaznasyndan ýeňillikli karzlary almak arkaly enjamlaryň üstüni ýetirmek boýunça işleriň dowam etdirilýändigini hem nygtap geçdi.