«Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant»: Halkara ylmy-amaly maslahat «Türkmenawtoulaglary» agentliginde dowam etdi

26.11.2023

«Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy we amaly maslahatyň çägindäki mejlislerdir duşuşyklar dowam edýär. Şeýle maslahatlaryň biri hem «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň binasynda guraldy. Çärä ýurdumyzyň ulag ulgamynyň agzalary, halkara guramalaryň hem-de awtoulag we elektromobil öndürýän kompaniýalaryň wekilleri, şeýle-de şu ugurda bilim berýän ýokary okuw mekdepleriň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatyň işine «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem işjeň gatnaşmagy onuň ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky ornunyň diýseň uludygyny görkezdi.

Bu ýerde edilen çykyşlarda Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky mümkinçilikleri giňden açylyp görkezildi. Elbetde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» bu ugurda möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada geljek ýyllarda ulag ulgamynda giň strategik maksatlary we çäreler toplumyny amala aşyrmak göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem berkarar döwletimiziň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly birleşen multimodal üstaşyr ulag ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek bu Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biridir.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň, «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agenlikleriniň ýolbaşçysy Guwançmyrat Akmämmedowyň çykyşlarynda täsirli maglumatlaryň birnäçesi beýan edildi. Demir ýollary hyzmatdaşlygy guramasynyň başlygy Miroslaw Antonowiç, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň başlygy Hosraw Noziri, Halkara howa gatnawy assosiasiýasynyň direktorynyň infrastruktura boýunça orunbasary Dmitriý Kosolapow bolsa maslahatyň işine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.   

 

Maslahatyň dowamynda awtoulag önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri öz önümleri hakynda gürrüň berdiler.

Çykyş edenler ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler we Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar.

«Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy we amaly maslahat şeýle mejlisleriň hem-de ugurdaş çäreleriň birnäçesini özünde jemleýär.