Russiýa Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ylalaşyga goşulmagyny goldady

12.07.2023

Russiýa Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi (HUG) hakynda ylalaşyga goşulmagyny goldady. RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustin degişli resminama gol çekdi.

Türkmenistan bu taslama gatnaşmak meýliniň bardygy hakynda ozal hem aýdypdy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar  agentliginiň baş direktory M.Çakyýewiň habar berşi ýaly, bu ugurda işler alnyp barylýar hem-de amatly geografik ýerleşmegi netijesinde Türkmenistan gatnawlaryň esasy halkasyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.

Demirgazyk-Günorta multimodal ulag geçelgesini döretmek hakynda hökümetara ylalaşygyna 2000-nji ýylda Russiýa, Hindistan we Eýran gol çekdiler. Soňra oňa gatnaşyjylaryň sany 14 ýetdi.

Taslamanyň maksady — Hindistandan, Eýrandan we Pars aýlagy ýurtlaryndan ýük akymlaryny Russiýanyň çäginiň üsti bilen Ýewropa üstaşyr geçirmek bolup durýar. Häzir taslama aýry-aýry döwletleriň dürli ulag ulgamlaryny birleşdirýär.