Aşgabatdaky ylmy-amaly maslahat: Halkara forumda durnukly ulag ulgamynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar

26.11.2023

Şu gün — 26-njy noýabrda paýtagtymyzda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly ylmy-amaly maslahat geçirilýär. Garyşyk görnüşinde geçen maslahata ýurdumyzyň ulag ulgamynyň wekillerinden başga-da, dünýäniň awtoulag we elektromobil önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalarynyň hem-de dürli halkara guramalaryň agzalary öz wideoçykyşlary bilen gatnaşdylar.

Ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň çykyşy diňlenildi. Ol durnukly ulag ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň we global hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar global tejribe, durnukly ulag ulgamynyň geljekki ösüşi, innowasion tehnologiýalar, bu ugruň howpsuzlygy we netijeliligi, şeýle hem daşky gurşaw meseleleri, ulag infrastrukturasy, pudagy sanlaşdyrmak ugurlaryny hem-de beýleki meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Bu çäre Türkmenistanda we dünýä derejesinde durnukly hem-de netijeli ulag ulgamynyň ösmegine goşant goşýan milli we halkara hünärmenleriniň arasynda tejribedir pikir alyşmalary guramak üçin ajaýyp platforma öwrüler.

«Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşýan «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri onuň diýseň täsirliligi hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýandygyny belleýärler.