2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Agzalan çäräniň halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Awtoulaglary öndürijileriniň halkara guramasynyň, Halkara söwda merkeziniň, BSGG-niň, Ýewropanyň welosiped sürüjileriniň federasiýasynyň, Halkara demir ýol birleşiginiň, Halkara jemgyýetçilik ulaglarynyň birleşiginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem birnäçe ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.
Bu çärede türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary B.Annaýew wekilçilik etdi.
Çykyşynyň dowamynda B.Annaýew ýurdumyzda ulag pudagyna degişlilikde alnyp barylýan içerki we daşarky syýasat barada, hususan-da Türkmenistanyň dünýä ulag ulgamyna netijeli girişmegi üçin milli ulag insfrastrukturasynyň yzygiderli esasda kämilleşdirilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy barada, şeýle hem ilatyň gündelik durmuşyna ulagyň häzirki zaman we ekologiki taýdan arassa görnüşleriniň girizilmegi, ulaglaryň ähli görnüşleriniň elýeterliliginiň üpjün edilmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada aýdyp geçdi. Bu babatda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin niýetlenen Maksatnamasy barada aýratyn bellenildi.
Bütindünýä durnukly ulag güni şu ýyl ilkinji gezek bellenilýär. Baýramyň senesi, ýagny 26-njy noýabr, Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen we BMG-niň Baş assambleýasy tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda kabul edilen kararnamasy esasynda döredildi.