Russiýa bilen Belarusyň arasyndaky «e-CMR» taslamasynyň synagy tamamlanýar

22.11.2023

Russiýa Federasiýasy bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky halkara ýol ýük ulaglaryny «e-CMR-iň» elektron transport resminamalary bilen goldamak üçin geçirilen synagyň işjeň tapgyrynda transport işine gatnaşanlaryň hersiniň elektron goly çekilip, ol «e-CMR-iň» kanuny güýjüni üpjün etdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň metbugat gullygy habar berýär.

Bu taslamanyň baş maksady ýük daşamaga gatnaşýanlaryň hemmesiniň arasynda Bileleşigiň ýurtlarynyň döwlet maglumat ulgamlaryna maglumat bermek bilen «e-CMR-e» geçirmek tehnologiýalaryny we işlerini barlamak bolup durýar. Synagyň netijeleri «kagyzsyz» halkara ýol transportyny amala aşyrmagyň tehniki we amaly mümkinçiligini görkezdi. Munuň özi geljekde Bileleşigiň çäginde «e-CMR-i» senagat taýdan ulanmaga geçmek üçin esas döreder.

Synag taslamasy Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrligi bilen Belarus Respublikasynyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de döwletleriň salgyt we gümrük gulluklarynyň gatnaşmagynda ýakyn hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.

«Synag «kagyzsyz» ýük daşamagy amala aşyrmagyň amaly mümkinçiligini görkezdi we elektron transport resminamalarynyň döwlet maglumat ulgamyny gyzyklanýan federal ýerine ýetiriji häkimiýetlere bermek mümkinçiligini tassyklady. Biz belarusly kärdeşlerimize işjeň gatnaşyk üçin köp sagbolsun aýdýarys» — diýip, Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Bakanow belleýär.

Russiýanyň Ulag ministrligi, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň agzalary bolan ýurtlarda «e-CMR-i» ulanmak boýunça şuňa meňzeş taslamany durmuşa geçirmegi teklip eder. Mundan başga-da, dostlukly ýurtlar bilen bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň meselesi öwrenilýär.

«Biz bu Bu tehnologiýanyň dostlukly ýurtlar üçin köpeldilmeginde uly mümkinçilikleri görýäris» — diýip, «Sberbankyň» müdirýetiniň başlygynyň orunbasary Anatoliý Popow nygtaýar.

«Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda elektron maglumat alyşmagyň halkara standartyna geçmegiň hem-de dürli ştatlara degişli birnäçe elektron golly elektron resminama gol çekmegiň zerurlygy bilen baglanyşykly meselelere duş geldik. Ilkinji gezek köp iş edildi, ýöne Ulag ministrliginiň we Russiýanyň Federal salgyt gullugynyň goldawy bilen halkara bilermenler toparynyň bilelikdäki işiniň netijesinde degişli taslama durmuşa geçirildi. Kanuny taýdan möhüm elektron resminamalary dolandyrmagyň girizilmeginiň halkara ulag geçelgeleri boýunça ýük daşalmagyny sanlaşdyrmak üçin zerur şertdigine ynanýaryn» — diýip, «Halkara ulag geçelgeleriniň direksiýasy» awtonom guramasynyň baş direktory Aleksandr Isaýew gürrüň berdi.