Ulag geçelgelerini tertipleşdirmek üçin meýilnama düzdi

17.11.2023

Ýewraziýanyň multimodal ugurlaryny ösdürmegiň çäginde 2025-nji ýyla çenli 874 km demir ýol elektrikleşdiriler, şeýle ýollaryň 1084 km-den ybarat bolan bölegi täze gurlar, uzynlygy 3000 km-den hem geçýän ýoluň durky täzelener we düýpli abatlanar, galyberse-de, 1000 km-den gowrak täze awtoulag ýollary gurlar. Ýewraziýanyň Ykdysadyýet komitetiniň Energetika we infrastruktura geňeşiniň agzasy Arzybek Kožoşew bu barada «Ulag hepdesi – 2023-de» çykyş etdi.

— Häzir Ýewraziýanyň Ykdysadyýet komitetiniň Energetika we infrastruktura geňeşinde ulag pudagynda ileri tutulýan integrasiýa taslamalarynyň sanawy düzülýär. Şu wagt oňa taslamalaryň ýedisi girýär. Şolaryň altysy — halkara ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygy hem-de durkuny täzelemek bilen işleri bilen bagly, biri bolsa demir ýol boýunçadyr — diýip, A.Kožoşew belledi. — Mysal üçin, Ermenistanyň taslamasy «Demirgazyk-Günorta» geçelgesini ösdürmäge gönükdirilendir. Belarusyň, Gazagystanyň hem-de Russiýanyň taslamalary bolsa «Ýewropa — Günbatar Hytaý» döwletara ugruny ösdürmegi özünde jemleýär. Gyrgyzystan bolsa «Lugowaýa — Balykçy» demir ýol bölegini elektrikleşdirmek bilen meşgullanýar. Ýewraziýa deňiz portunyň infrastrukturasynyň segmentinde iň uly taslamalar Mahaçkala deňiz portunda däne terminalyny gurmak we Aktau portunda konteýner merkezini döretmekdir. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gruziýa, Azerbaýjan we Gazagystan ýaly döwletleriň Hytaýdan Orta geçelgäniň üsti bilen haryt daşamak üçin bilelikdäki demir ýol kompaniýasyny döretmek barada ylalaşyk baglaşandygyny hem ýatlalyň.