Gazagystan, Russiýa, Eýran hem-de Türkmenistan Demirgazyk — Günorta geçelgesi boýunça ýol kartasyny işläp düzdiler

15.11.2023

Gazagystan Respublikasy Russiýa, Eýran hem-de Türkmenistan bilen bilelikde Demirgazyk – Günorta halkara transport geçelgesini (HTG) ösdürmek üçin ýol kartasyny düzdi. Munuň 2027-nji ýyla çenli HTG-niň kuwwatlylygyny 15 million tanna çenli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow mälim etdi. Hökümet baştutany Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletlere Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar üçin iň gysga ýol bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň hem uly ähmiýete eýedigini belledi. 9 aýyň dowamynda şu ugur bilen Eýrana gelip gowşan ýük gatnawy 9% ýokarlandy, ýüküň möçberi 1,5 million tonnadan geçdi.   

Iýulda Russiýa Federasiýasynyň Astanadaky ilçisi Alekseý Borodawkin Demirgazyk – Günorta halkara transport geçelgesini ösdürmek hakynda bellemek bilen, bu ýerde gürrüňiň  Russiýadan günorta we ters tarapa hereket edýän ýük akymynyň Suwaýs kanalynyň aýlaw ýoluna gitmezligini üpjün etmek barada barýandygyny mälim etdi. Olary göni Hazar sebitiniň üsti bilen demir ýol, suw we awtomobil ulaglaryny, şeýle hem intermodal ulaglaryny guramak arkaly ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu taslama diňe bir Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň däl, eýsem Günorta Aziýa döwletleriniň, ilkinji nobatda Hindistanyň, şeýle hem Pars aýlagynyň ýurtlarynyň hem gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.