Russiýa Federasiýasynda amatsyz epizootik ýagdaýy bolan ýurtlardan Russiýa girýän ulag serişdeleriniň hökmany suratda dezinfeksiýa edilmegini teklip edýän kanunyň taslamasyna seredilýändigini «Rambler» habar berýär.
Bu resminama Russiýada haýwanlarda dürli keselleriň, şol sanda has-da olaryň has-da howply hasaplanýanlarynyň peýda bolmagy bilen bagly töwekgelligiň derejesini peseltmek maksady bilen işlenildi.
Kanunçylyk esasynda, eger halkara guramasy ýa-da Russiýa bilen serhetleşýän daşary ýurtlaryň döwlet edaralary öz çäginde ýokanç hasaplanýan haýwan keselleriniň ýaýramagy barada maglumat ýollasa, epidemiýa aradan aýrylýança Russiýa Federasiýasyna şol ýurtdan gelýän ulaglaryň ählisi dezinfeksiýa ediler.
Döwlet Dumasynyň oba hojalygy meseleleri boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary Ýuliýa Ogloblinanyň sözlerine görä, Afrika doňuz gyzzyrmasy, agsyl we beýleki keseller maldarçylyk fermalarynda döretmegi mümkin bolan agyr ýitgisi bilen ýurduň oba hojalygyna uly ykdysady zyýan ýetirip biler.